Erdogan Samarkantda Liderler Bilen Bag Ekdi

Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň sammitine gatnaşmak üçin Özbegistana baran Prezident R.T.Erdogan liderler bilen bag ekdi.

1880602
Erdogan Samarkantda Liderler Bilen Bag Ekdi

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çakylygyna laýyklykda ŞHG-na hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Samakanda baran Erdogan, iş saparynyň çäginde sammitiň guralýan maslahatlar merkezine geldi.

Erdogan ol ýerde gatnaşyjy ýurtlaryň liderleri bilen bag ekme dabarasyna gatnaşdy.

Prezident Erdogan soň liderler bilen bilelikde şäheriň täze gurulan we “Ebedi şäher” atlandyrylýan etrapçasyny gezip gördi.

Erdogan ol ýerde Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi, Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýew, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko we beýleki liderler bilen söhbetdeş boldy.



Degişli Habarlar