Gresiýa tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine itilen çagalar ýogaldy

Gresiýa tarapyndan özüniň Ege deňizindäki suw giňişliginden Türkiýäniň suw giňişligine iten bikanun immigrantlardan 2 bäbek, 3 çaga we 1 zenan jemi 6 adam ýogaldy

1879617
Gresiýa tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine itilen çagalar ýogaldy

Türkiýäniň Kenarýaka howpsuzlyk gullugyndan berilen beýanata görä, düýn Marmaris etrabynyň Kyzylburun diýilýän ýeriň suw giňişliginde halas ediş plotlarynyň içinde bikanun immigrantlaryň baradygy barada alynan maglumatyň esasynda Kenarýaka howpsuzlyk gullugyna degişli 2 gaýyk şol ýere gönükdirildi. 

Toparlar 3 halas ediş plotynyň içinde bolan jemi 66 bosguny halas etdiler. 

Geçirilen gözleg we halas ediş işleriniň netijesinde ýarsy batan halas ediş plotyna saklanýan ýene-de 7 bosgun halas edildi, 2-si bäbek, 3-si çaga we 1-i zenan bolmak bilen jemi 6 bosgunyň bolsa jesedi tapyldy. 

Bosgunlar bilen geçirilen gürrüňdeşlikde şol adamlaryň Italiýa gitmek maksady bilen 10-njy sentýabrda 15 metr uzynlygynda agaç gaýyk bilen Liwandan ýola çykandyklary, düýn Rodos adasynyň suw giňişliginde ýangyçlarynyň gutarmagy sebäpli Gresiýanyň kenarýaka howpsuzlyk gullugyndan kömek sorandyklary, sebite baran Gresiýanyň Kenarýaka howpsuzlyk gullugynyň bosgunlary öz gämilerine mündürip gymmatly zatlaryny alanlaryndan soň, Türkiýäniň suw giňişligine ýakyn bir ýere jemi 4 aýry halas ediş plotyna mündürendikleri we terk edendikleri mälim boldy. 


Etiketkalar: #bosgun , #Gresiýa , #Türkiye

Degişli Habarlar