Madritde Halkara Ulgamyň Üýtgedilip Gurulmagy Boýunça Maslahat Geçirildi

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasy Ispaniýanyň paýtagt Madritde “BMG-niň Howpsuzlyk geneşiniň özgerdilmegi: Halkara ulgamyň üýtgedilip gurulmagyna täzeçe çemeleşme” temaly ylmy-amaly maslahat gurady.

1879048
Madritde Halkara Ulgamyň Üýtgedilip Gurulmagy Boýunça Maslahat Geçirildi

Maslahata wideo ýüzlenme ugradan Kommunikasiýalar edarasynyň Başlygy Fahrettin Altun, üstümizdäki aýyň 20-26-sy aralygynda Nýu-Ýorkda geçiriljek BMG-niň 77-nji Sessiýasyndan öň BMG-niň özgerdilmegi boýunça Türkiýäniň syýasatynyň global derejede halkara jemgyýetçiliginiň dykgatyna ýetirilmegini nazarda tutýan maslahatlardan biriniň Madritde guralýandygyny beýan etdi.

Fahrettin Altun; “Prezident R.T.Erdoganyň uzak ýyllardan bäri nygtap gelýän diskursy halkara jemgyýetçiliginde uly seslenme döretdi. BMG-niň köpblokly, adalatly, giň gerimli bolmagy ýola goýmak mümkindir” diýdi.

BMG-niň bar bolan şertlerde halkara jemgyýetçiliginiň tamasyny ödemekden daşdadygyny, oňa bolan ynamyň we ygtybarynyň azalandygyny, çözgüt däl, eýsem çözgütsizlik döredýändigini nygtan Altun; “BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi hemileşik 5 agzasy bilen tarap tutýana we zulum edýäne sesisini çykaryp bilmeýär. BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň adalatsyz bolan bu dolanşyk ulgamy üýtgedilmeli we düýpli özgertme edilmeli” diýdi.

 



Degişli Habarlar