DAEŞ-iň Esasy Adamlaryndan Biri Türkiýede Ele Salyndy

Prezident R.T.Erdogan terror guramasy DAEŞ-iň ýokary derejeli diýilýän ýolbaşçylaryndan “Abu Zeýd” kodly terrorçy Başar Hattab Gazal Al Sumaidainiň Türkiýede ele salynandygyny beýan etdi.

1877856
DAEŞ-iň Esasy Adamlaryndan Biri Türkiýede Ele Salyndy

Prezident Erdogan Balkan ýurtlaryndan gaýdyşyn uçarda žurnalistler bilen geçiren söhbetdeşliginde İçeri işler baş müdirligi bilen Stambulyň İçeri işler müdirliginiň we Milli howpsuzlyk guramasynyň terror guramasy DAEŞ-e garşy möhüm operasiýa gurandygyny we DAEŞ-iň esasy ýolbaşçylaryndan biridigi aýdylýan “Abu Zeýd” kodly terrorçy Başar Hattab Gazal Al Sumaidainiň Türkiýede ele salynandygyny habar berdi.

Erdogan şol terrorçynyň terror guramasy DAEŞ-iň ýolbaşçysy Abubekir Al Bagdadiniň we ondan soňky ýolbaşçysy Abdullah Kardaşyň öldürilmeginden soň guramada esasy ýokary derejeli ýolbaşçylardan biridigine ünsi çekdi.

Erdogan ele salynan DAEŞ terrorçusynyň hukuk goraýyjy organlara tabşyrylandygyny aýtdy.

Ele salynan DAEŞ terrorçusynyň guramanyň dolanşygynda orun eýeleýändigi BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň 11-nji iýulda çap edilen 30-njy habarnamasynda beýan edilýär.



Degişli Habarlar