Prezident Erdogan Serbiýada Saparda Bolýar

Prezident Erdogan, Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wujij tarapyndan Prezident köşgünde resmi dabara bilen garşylandy.

1876982
Prezident Erdogan Serbiýada Saparda Bolýar

 

Prezident R. T. Erdogan, Balkan ýurtlaryna guraýan saparynyň ikinji duralgasy bolan Serbiýanyň paýtagty Belgrada bardy.

Prezident Erdogan, Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wujij tarapyndan Prezident köşgünde resmi dabara bilen garşylandy.

Erdogan bilen Wujij özara duşuşykdan öň metbugata beren beýannatynda özara gatnaşyklara we hyzmatdaşlyga ünsi çekdi.

Erdogan, Serbiýada geçen aýlarda geçirlen prezident saýlawynyň netijesiniň ýurt üçin düşümli bolmagyny diledi.

Iki ýurduň arasyndaky söwda mukdarynyň gün saýyn artýandygyny nygtan Erdogan, “Syýasy, harby, ykdysady we medeni taýdan ýakyndan gatnaşyk edýäris. Serbiýa, Balkanlaryň merkezi. Şol sebäpli hem özara gatnaşyklarymyz gün saýyn güýçlenmek bilen dowam edýär. 2 milliard dollara barabar bolan söwda mukdarymyzy has-da artdyrmak isleýäris” diýdi.

Serbiýanyň Prezidenti Wujij hem ýurdy bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary depginde ösýändigini belledi.

Türk maýa goýumlarynyň yzygiderli ýagdaýda artýandygyny nygtan Wujij, sebitde ýerleşýän ýurtlar bilen ýakyndan aragatnaşyk edýändiklerini belledi.

Prezident Erdoganyň resmi saparynyň çäginde Türkiýe bilen Serbiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy maksady bilen birnäçe şertnama baglaşylar.

Türkiýe-Serbiýa işewürler maslahatyna gatnaşjak Erdogan, kärdeşi Wujij tarapyndan hormatyna beriljek resmi günorta naharyna gatnaşar.

Prezident Erdogan agşamara Serbiýadan Horwatiýa barar.

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar