Erdogan Balkan Ýurtlaryna Sapar Eder

Prezident R.T.Erdogan ertir Bosniýa-Gersegowina, Serbiýa we Horwatiýa saparyna başlar.

1875721
Erdogan Balkan Ýurtlaryna Sapar Eder

6-8- nji sentýabr aralygynda guraljak saparyň gün tertibinde özara gatnaşyklar, sebitleýin parahatçylyk we durnuklylyk bilen söwda mukdarynyň artydyrlmagy bilen bagly ugurlar ileri tutulýar.

Erdogan Bosniýa-Gersegowinadan başlajak saparynda ilki bilen Prezidiumyň üç agzasy bilen duşuşar.

Saparyň dowamynda Türkiýäniň Balkan ýurtlarynda parahatçylygyň durnuklylygy üçin ähli goşandy goşmaga dowam etjekdigi nygtalar.

Prezident Erdogana üç ýurda saparynyň dowamynda işewür adamlardan ybarat uly topar ýoldaşlyk eder. İşewür maslahatlary geçiriler, ikitaraply maýa goýumlaryň we söwda gatnaşyklarynyň artdyrylmagy üçin ediljek başlangyçlar ara alynyp maslahatlaşylar.



Degişli Habarlar