Türkiyäniň wekiliýeti Pakistanda saparda bolýar

Türkiýäniň Içeri işler ministri Süleýman Soýlu we Daşky gurşaw we şäherçilik ministri Murat Kurum sil apatynyň başdan geçirilen Pakistana gitdiler

1874875
Türkiyäniň wekiliýeti Pakistanda saparda bolýar
soylu-kurum pakistan'da.jpg
soylu-kurum pakistan'da.jpg
soylu-kurum pakistan'da.jpg

Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň görkezmesi boýunça Pakistana giden Türkiýäniň Içeri işler ministri Süleýman Soýluny we Daşky gurşaw we şäherçilik ministri Murat Kurumy Yslamabad halkara howa menzilinde Pakistanyň Içeri işler ministri Rana Sana Ullah Khan, Klimat çalşygy ministri Şerry Rahman we Meýilnamalaşdyrma, ösüş we özgertmeler ministri Ahsan Ikbal garşyladylar. 

Süleýman Soýlu ol ýerde beren beýanatynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň köňlüniň we dogasynyň Pakistan bilen birlikdedigini belläp: "Şu gün 90 müň metjitde mübärek anna gününde pakistanly doganlarymyz üçin doga ediler we goldaw talap ediler" diýip habar berdi. 

Pakistana şu günki güne çenli 11 uçar bilen çadyr, azyk we lukmançylyk taýdan kömek berilendigini we 2-nji Ýagşylyk otlusynyň 5-6 günüň dowamynda sebite geljekdigini aýdan Süleýman Soýlu: "Doganlarymyzyň ýanynda bolmaga dowam ederis. Pakistanly doganlarymyz dur diýänçä çenli goldaw köprüsi hem otlylar bilen hem-de uçarlar bilen dowam eder" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar