Süleýman Soýlu we Murat Kurum Pakistanyň Premýer ministri Şerif tarapyndan kabul edildi
Pakistanyň Premýer ministri Şahbaz Şerif, Türkiýäniň Içeri işler ministri Süleýman Soýluny we Daşky gurşaw we şäherçilik ministri Murat Kurumy kabul etdi
Duşuşykda söz sözlän Pakistanyň Premýer ministri Şahbaz Şerif, sil apaty sebäpli ýurduna Türkiýäniň beren goldawynyň dostlugyň we doganlygyň nyşanydygyny belläp: "Hormatly doganym Prezident Rejep Taýýip Erdogan sil apatynyň başlan günlerinde, 27-nji awgustda maňa jaň etdi, gynanç bildirdi. Ýogalan müňlerçe raýatymyz üçin gynanjyny bildirdi" diýip habar berdi.
Ýogalan adamlaryň 300-e golaýynyň çagalardan ybaratdygyny aýdan Şahbaz Şerif: "Türk halky hemişe bolşy ýaly Pakistanyň halkynyň ýanyndadygyny ýene-de bir gezek görkezdi. Apatlar başlanyndan soň Türkiyeden kömek ýagmaga başlady. Olar hem hökümet tarapyndan ugradylan kömekler hem-de raýatlar tarapyndan ugradylan kömeklerdi" diýip mälim etdi.
Içeri işler ministri Süleýman Soýlu hem sil apatynyň başlan ilkinji gününden başlap hem howa ýoly arkaly hem-de gara ýoly arkaly doganlyk köprüsini gurandyklaryny beýan etdi.
Süleýman Soýlu: "Şu gün 90 müň metjitde mübärek anna gününde pakistanly doganlarymyz üçin doga ediler we goldaw talap ediler" diýip belledi.
Daşky gurşaw we şäherçilik ministri Murat Kurum: "Türkiyede edişimiz ýaly her tebigy apatdan soň nähili çemeleşýän bolsak, şu gün hem dostlukly we doganlyk Pakistanyň halky, döwleti üçin hem şol düşünje bilen bu ýerdediris" diýip nygtady.
Degişli Habarlar
Türkiýe uzak ýyllardan soň Damaska geňeşçi belledi
Türkiýäniň Moritaniýadaky Ilçisi Burhan Körogly Damaska geňeşçi hökmünde bellendi.
ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Ankarada Saparda Boldy
Fidan bilen Blinke duşuşykda Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.