Fahrettin Altun APA habarlar agentliginiň soraglaryna jogap berdi

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, 22-nji iýulda Türkiyäniň ýer eýeçilik etmeginde Ukraina we Russiýa bilen gazanylan galla ylalaşygynyň saýasynda, global derejede bir azyk krizisiniň öňüniň alynandygyny habar berdi

1874745
Fahrettin Altun APA habarlar agentliginiň soraglaryna jogap berdi

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun Awstriýanyň APA habarlar agentliginiň soraglaryna jogap berdi.

Fahrettin Altun, Türkiýäniň 24-nji fewraldan bäri biri-biri bilen söweşýän Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda diplomatik we parahatçylykly bir çözgüt tapmak üçin iş alyp barmaga taýardygyny beýan etdi. 

Galla koridorynyň üstünde durup geçen Fahrettin Altun: "Şu günki güne çenli kämil işlän mehanizm, bizi has giňişleýin başlangyçlar etmek babatynda ýüreklendirýär" diýip belledi. 

Fahrettin Altun, global hadysalaryň Türkiye bilen Ýewropa Bileleşiginiň biri-birine has hem ýakynlaşdyrýandygyny belläp: "Munyň netijesinde Türkiyäniň Bileleşige agza bolmak bilen bagly gepleşikleriň ýaňadandan janlanmagy geň hadysa bolmaz" diýip nygtady. 

Fahrettin Altuna Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň NATO agzalygy bilen baglanşykly ýüz tutmasy barada hem sorag berildi. 

Fahrettin Altun iki döwletiň Türkiyäniň howpsuzlygy babatynda ýürekden çemeleşip-çemeleşmeýändigini görmek isleýändiklerini habar berdi. 



Degişli Habarlar