Türkiye Laçyn koridorynyň Azeraýjanyň gözegçiligine geçmeginden hoşal

Türkiye Laçyn şäheri bilen Zabuh we Sus obalarynyň Azerbaýjana gaýtarylyp berilmeginden hoşaldygyny habar berdi

1872838
Türkiye Laçyn koridorynyň Azeraýjanyň gözegçiligine geçmeginden hoşal

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda: "Laçyn şäheri bilen Zabuh we Sus obalarynyň 2020-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Üçtaraplaýyn ylalaşygyň düzüminde bolan esaslaryň çäginde dowam edýän tapgyra laýyklykda Azerbaýjana şu gün yzyna gaýtarylyp berilmeginden hoşaldyrys" diýip habar berildi. 

"Günorta Kawkazda parahatçylygyň we durnuklylygyň dikeldilmeginiň çäginde möhüm tapgyr bolan bu hadysanyň Azerbaýjan-Ermenistan gatnaşyklaryna bolşy ýaly, sebitleýin durnuklulyga hem goşant goşjakdygyny umyt edýäris" diýip bellenen beýanatda, Türkiýäniň şu günki güne çenli bolşy ýaly mundan soň hem doganlyk Azerbaýjanyň territorial bütewiligini we özygryýarlygyny goldamaga dowam etjekdigi mälim edildi. 



Degişli Habarlar