Türk Daşary işler ministri güntertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Türkiye bilen Ysraýylyň arasynda ikitaraplaýyn häsýetde ilçi bellemegiň öňümizdäki günlerde amala aşyryljakdygyny habar berdi

1871324
Türk Daşary işler ministri güntertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, hususy telewideniýe kanallaryň birinde güntertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi. 

Ministr Mewlüt Çawuşogly Siriýadaky içerki söweşiň 11 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýändigini belläp: "Iň başyndan bäri Türkiye hökmünde iň möhüm tapgyryň syýasy tapgyrdygyny aýtdyk. Şol tapgyrlara garanymyzda diňe Astana tapgyry aýakda galdy. Siriýanyň hökümedi syýasy çözgüde ynanmady, emma bular ýaly dowam etse ýurt bölüner" diýip nygtady. 

Ministr Mewlüt Çawuşogly Türkiye bilen Siriýanyň arasyndaky gatnaşyk bilen bagly: "Milli Howpsuzlyk gulluklarynyň arasynda diýalog bar. Siriýanyň hökümediniň Daşary işler ministri bilen meniň aramda aýak üstünde gysga möhletlik bir duşuşygym boldy" diýip belledi. 

Ministr Çawuşogly Türkiýäniň Siriýanyň hökümedi bilen gepleşikler geçirmek üçin öňe sürýän bir şerti barmy? soragyna bolsa: "Diýalog üçin hiç hili şert bolmaz. Siriýanyň territorial bütewiligi we syýasy bütewiligi biz üçin möhüm. Adamlaryň ýaňadandan ýurtlaryna howpsuz ýagdaýda gaýdyp barmaklary möhüm, Siriýanyň ýaňadandan dikeldilmegi möhüm. Parahatçylyk bolsa dikeldiş tapgyryna başlanyp biliner" diýip habar berdi. 

Çawuşogly Türkiýe bilen Ysraýylyň arasynda ikitaraplaýyn häsýetde ilçi bellemek bilen bagly: "Öňümizdäki günlerde amala aşyrylar. Taslama işimiz tamamlanyp barýar" diýip mälim etdi. 

Türkiýe bilen Ysraýylyň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagynyň Palestina meselesine nähili täsiri boljakdygy bilen bagly soraga Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly: "Hem Hamas hem-de Palestina tarapy biziň Ysraýyl bilen gatnaşyklarymyzy kadalaşmagyny isleýär. Ysraýyl bilen gowy gatnaşyklarymyz Palestina meselesine garaýyşymyzyň üýtgändigi manysyna gelmez" diýip aýan etdi. 

Müsür bilen hem kadalaşma tapgyrynyň başlandygyny, emma öňe gidişligiň ýuwaşdygyny aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Hiç hili oňaýsyz hadysa ýok. Ýene-de biraz itergi bolmagy gerek. Saud Arabystany we BAE bilen bolan aramyzdaky itergi tizligi entek Müsür bilen bolmady" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar