Prezident Erdogan, Polşaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezident Erdogan, düýn Polşanyň üstaşyr Ukraina guran saparyna goldaw berendigi sebäpli Polşanyň Prezidenti Duda sagbolsun aýtdy.

1869816
Prezident Erdogan, Polşaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezident R. T. Erdogan, Polşanyň Prezidenti Andrež Duda bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde düýn Polşanyň üstaşyr Ukraina guran saparyna goldaw berendigi sebäpli Polşanyň Prezidenti Duda sagbolsun aýtdy.

Prezident Erdogan Polşaly kärdeşine, iş saparynyň çäginde Ukrainanyň parahatçylygyna goşant goşjak ugurlary ara alyp maslahatlaşandyklaryny gürrüň berdi.

Polşanyň Prezidenti Duda bolsa, Russiýa-Ukraina krizisiniň çözülmegi üçin tagalla edýän we galla esportynyň başlamagynda uly rol oýnan Prezident Erdogana minnetdarlyk bildirdi.

Polşanyň Prezidenti Duda, Prezident Erdogany ýurduna sapara çagyrdy.

 



Degişli Habarlar