Diplomatiýa Hiç Haçan Ünsden Düşürilmez

Prezident R.T.Erdogan Siriýa bilen has ýokary derejeli başlangyçlaryň edilmelidigini aýtdy.

1870068
Diplomatiýa Hiç Haçan Ünsden Düşürilmez

Prezident Erdogan düýn Ukraina guran bir günlük saparyndan Türkiýä gaýdyşyn uçarda žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi.

Türkiýäniň Siriýanyň demirgazygynda terrorizme garşy göreşini Russiýa bilen bilelikde alyp barýandygyny beýan eden Erdogan; “Terrorizme garşy göreşiň belli bir bölegini ruslar bilen bilelikde alyp barýan bolsa, belli bir bölegini öz esgerlerimiz, howpsuzlyk güýçlerimiz bilen alyp barýarys” diýdi.

Siriýada terrory birinji derejede goldaýan tarapyň ABŞ we hyzmatdaş güýçlerdigini nygtan Erdogan; “Ony rehimsizlik bilen edipdirler we henizem dowam edýärler” diýdi.

Prezident Erdogan; “Biziň sebitde guraljak operasiýa üçin “bir gije duýdansyz geleris” diýmegimiz ýöne ýerden däl. Wagty gelende ol ediler. Emma şuny nygtasym gelýär: Türkiýä hiç kim operasiýa taýýarmyň diýip bilmez. Biz ähli işlere taýýarlykly. Şonuň ýaly hem ony her pursatda amala aşyrma güýjümiz ýeter” diýdi.

ABŞ-nyň teröristlere Yrakda-da goldaw berýändigini beýan eden Erdogan; “Eger Yrakda bir biynjalyklyk bar bolsa, onuň aňyrsynda gynansagam ABŞ bar. Bu terror guramasynyň öňdebaryjylary bilen Ak Tamda duşuşjak derejede öte geçýärler. Biz bularyň ählisini bilýäris” diýdi.

Türkiýäniň Siriýanyň territoriýasynda gözüniň ýokdugyny beýan eden Erdogan; “Biziň Asady ýenmek, ýeňmezlik ýaly derdimiz ýok. Biziň Siriýanyň territoriýasynda-da gözümiz ýok. Sebäni Siriýanyň halky biziň doğanlarymyz. Ol ýerde biziň hiç hili derdimiz ýok. Olaryň territorial bitewiligi biziň üçün möhüm. Hökümet muňa göz ýetirmeli” diýdi.

Döwletleriň arasynda syýasy dialoguň ýa-da diplomatiýanyň hiç haçan  kesilip bilinmejekdigini beýan eden Erdogan; “Elmydama şeýle dialoglar bolar, bolmaly” diýdi.

 



Degişli Habarlar