Türkiye Owganystanda guralan hüjümi ýazgardy

Türkiye Owganystanyň paýtagty Kabul şäherindäki metjitleriň birinde guralan terrorçylykly hüjümde ýogalan adamlar zerarly gynanç bildirdi

1869468
Türkiye Owganystanda guralan hüjümi ýazgardy

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Kabulda metjitleriň birine garşy guralan hüjümde köp sanda adamyň ýogalandygy we ýaralanandygy baradaky habaryň uly gynanç bilen alynandygy mälim edildi. 

Beýanatda: "Bu adamkärçiliksiz terrorçylykly hüjümi iň berk ýagdaýda ýazgarýarys. Ýogalan adamlara Alladan rehnet, ýogalan adamlaryň dogan-garyndaşlary bilen dostlukly we doganlyk owgan halkyna gynanç, ýaralanan adamlaryň bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny dileýäris" diýip habar berildi. 

Owganystanyň paýtagty Kabul şäherindäki metjitleriň birinde düýn agşam namaz okalýan wagty bolan partlamada köp sanda adam ýogaldy we ýaralandy. 



Degişli Habarlar