Prezident Erdogan Zelenskiý Bilen Duşuşdy

Prezident R.T.Erdogan Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiý bilen duşuşdy.

1869651
Prezident Erdogan Zelenskiý Bilen Duşuşdy

Erdogan Zelenskiýniň çakylygyna laýyklykda Polşanyň üstaşyr gara ýoly bilen Ukrainanyň Lwow şäherine gitdi.

Erdogan Zelenskiý bilen Potoçki köşkünde duşuşdy.

Liderler şol ýerdäki özara duşuşykdan soň BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen görüşer.

Duşuşykdan soň Erdogan, Zelenskiý we Guterriş bilelikde metbugat ýygnagyny geçirer.

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýannama görä Erdoganyň ukrainaly kärdeşi bilen geçirjek duşuşyklarynda strategij ýaranlyk derejesindäki Türkiye-Ukraina gatnaşyklary ähli taraplaýyn ara alynyp maslahatlaşylar.

Duşuşykda ukrain gallasynyň dünýä bazarlaryna eksport edilmegi üçin döredilen mehanizmiň işini dowam etdirmegi netijesinde 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Ukraina-Russiýa söweşiniň diplomatik ýollardan çözülmegi üçin ediljek başlangyçlar boýunça pikir alyşylar.

 



Degişli Habarlar