Türkiýäniň Milli Goranmak ministr Liwiýanyň Ýokary döwlet geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy

Türkiýäniň Milli Goranmak ministr Hulusi Akar düýn Liwiýanyň Ýokary döwlet geňeşiniň başlygy Halid Al Mişri bilen duşuşyk geçirdi

1868873
Türkiýäniň Milli Goranmak ministr Liwiýanyň Ýokary döwlet geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanata görä Hulusi Akar, paýtagt Ankarada saparda bolýan Liwiýanyň Ýokary döwlet geňeşiniň başlygy Halid Al Mişri bilen Goranmak ministrliginde duşuşyk geçirdi. 

Ministr Hulusi Akar Al Mişri bilen Liwiýanyň soňky ýagdaýy barada pikir alyşdy. 

Duşuşykda Akar Türkiýe bilen Liwiýanyň arasynda 500 ýyllyk taryhy dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna ünsleri çekip, Türkiýäniň liwiýaly doganlaryna harby tälim babatynda berýän goldawyny artdyryp dowam etdirjekdigini habar berdi. 

Akar Türkiýäniň "Liwiýa liwiýalylaryňkydyr" düşünjesi bilen Liwiýanyň parahatçylygy, asudalygy we durnuklylygy üçin elinden gelen tagallany etmäge dowam etdirjekdigini mälim etdi. 



Degişli Habarlar