Prezident Erdogan Ertir Ukraina Gider

Prezident Erdogan iş saparynyň çäginde Ukrainaly kärdeşi bilen duşuşar.

1868778
Prezident Erdogan Ertir Ukraina Gider

Prezident R. T. Erdogan, Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiniň myhmany hökmünde ertir Lwlow şäherine gider.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Prezident Erdogan iş saparynyň çäginde Ukrainaly kärdeşi bilen duşuşar.

Duşuşykda Türkiýe-Ukraina gatnaşyklary ähli taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylar.

Saparyň çäginde Zelenskiniň we BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn duşuşygyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Ady agzalýan duşuşykda ukrain gallasynyň dünýä bazarlaryna ýetirilmäge dowam edilmegi we 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Ukraina-Russiýa söweşiniň diplomatiýa arkaly bes edilmegi üçin görüljäk çäreler ara alnyp maslahatlaşylar.

 



Degişli Habarlar