Malaýziýanyň Şasy Ankarada Saparda Bolýar

Prezident Erdogan Malaýziýanyň Şasy Soltan Abdullah Ri'aýatuddin Al Mustafa Billah Şahy resmi dabara bilen garşylady.

1868796
Malaýziýanyň Şasy Ankarada Saparda Bolýar

Malaýziýanyň Şasy Soltan Abdullah Ri'aýatuddin Al Mustafa Billah Şah Prezident R. T. Erdoganyň myhmany hökmünde Ankara geldi.

Prezident Erdogan Malaýziýanyň Şasy Soltan Abdullah Ri'aýatuddin Al Mustafa Billah Şahy resmi dabara bilen garşylady.

Garşylama dabarasyndan soň Prezident Erdogan bilen Malaýziýanyň Şasy Soltan Billah Şah özara duşuşyk geçirdi.

2,5 sagat dowam eden duşuşykdan soň Prezident Erdogan, Malaýziýanyň Şasy Soltan Billah Şahyň hormatyna agşam naharyny berdi.

Prezident Erdogan, Malaýziýanyň Şasy Soltan Billah Şahy Türkiýe Respublikasynyň Döwlet nyşany bilen sylaglady.

Soltan Abdullah Şah hem Prezident Erdogany Malaýziýanyň İň ýokary nyşany bolan Milli Täç bilen sylaglady.

 



Degişli Habarlar