Milli Howpsuzlyk gullugy Siriýanyň demirgazygynda möhüm operasiýa geçirdi

Alynan maglumatdan soň sebitde operasiýa geçiren Türkiýäniň Milli Howpsuzlyk gullugy, terrorçy Muhsin Ýagany täsirsiz ýagdaýa getirdi

1868293
Milli Howpsuzlyk gullugy Siriýanyň demirgazygynda möhüm operasiýa geçirdi

Türkiýäniň Milli Howpsuzlyk gullugy Siriýanyň demirgazygyndaky Kamyşly şäherinde geçiren operasiýasynda, ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-niň Kamyşly welaýatynyň ýolbaşçysy "Dižwar Silopi" adyny ulanýan Muhsin Ýagany täsirsiz ýagdaýa getirdi. 

Howpsuzlyk habar çeşmelerinden alynan maglumata görä, howpsuzlyk güýçlerine garşy serhet zolagyndaky köp sandaky terrorçylykly hüjümiň meýilleşdirijisi we ýerine ýetirijisi bolan Muhsin Ýaganyň Kamyşly şäherindedigi anyklandy. 

Alynan maglumatdan soň sebitde operasiýa geçiren Türkiýäniň Milli Howpsuzlyk gullugy, terrorçy Muhsin Ýagany täsirsiz ýagdaýa getirdi. 

Ekstremist terror guramasynyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna garşy operasiýalaryny tizleşdiren Türkiýäniň Milli Howpsuzlyk gullugy, Kamyşly şäherinde 6-njy awgustda guramanyň Amude-Derbesiýe welaýatynyň umumy ýolbaşçysy, asly eýranly bolan "Rezan Jawit" adyny ulanýan terrorçy Ýusif Mehmud Rebanini täsirsiz ýagdaýa getiripdi. 



Degişli Habarlar