Mewlüt Çawuşogly, Halid Al Mişri Bilen Duşuşdy

“Doganlyk Liwiýa goldaw bermäge dowam ederis. Özara gatnaşyklarymyzy ähli taraplaýyn ösdüreris”

1868452
Mewlüt Çawuşogly, Halid Al Mişri Bilen Duşuşdy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, paýtagt Ankarada saparda bolýan Liwiýanyň Ýokary döwlet geňeşiniň başlygy Halid Al Mişri bilen duşuşdy.

Ministr Çawuşogly, Daşary işler ministrliginde bolan duşuşyk hakynda Twitterden beren habarnamasynda, Mişri bilen Liwiýada başdan geçirilýän soňky wakalar we saýlaw etaby hakynda pikir alyşandyklaryny nygtady.

Mewlüt Çawuşogly habarnamasynda, “Doganlyk Liwiýa goldaw bermäge dowam ederis. Özara gatnaşyklarymyzy ähli taraplaýyn ösdüreris” diýdi

 



Degişli Habarlar