Akar Reznikow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Ukrainanyň Goranmak ministri Oleksii Reznikow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1868526
Akar Reznikow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanata görä telefon söhbetdeşliginde Ukrainadaky soňky ýagdaý bilen galla eksporty babatynda pikir alyşylandygy habar berildi. 

Telefon söhbetdeşliginde Milli Goranmak ministri Hulusi Akar tarapyndan iň gysga wagtda od açmazlyk baradaky ylalaşyga bolan zerurlyk we Türkiýäniň parahatçylygyň ýola goýulmagy we Ukraina ynsanperwer kömek meselelerinde şu günki güne çenli bolşy ýaly mundan soň hem öz üstüne düşýän jogapkärçiligi etmäge dowam etjekdigi ýene-de bir gezek nygtalyp geçildi. 

Telefon söhbetdeşliginde mundan başgada galla eksporty babatynda üpjün edilen özgerişliklerden we Bilelikdäki Utgaşdyryş merkezindäki hyzmatdaşlyga we sazlaşyk içinde amala aşyrylýan işlere kanagatlanma bildirildi. 



Degişli Habarlar