Siriýanyň demirgazygynda PKK/ÝPG-e agza 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Siriýanyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1867623
Siriýanyň demirgazygynda PKK/ÝPG-e agza 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi Parahatçylyk Çeşmesi, Ýewfrat Galkany we Zeýtun Şahajygy sebitlerine od açan PKK/ÝPG-e agza 4 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi. 

Milli Goranmak ministrliginiň Twitter hasabyndan berilen beýanatda: "Terrorçylaryň hüjümleri jogapsyz galmaýar. Parahatçylyk Çeşmesi, Ýewfrat Galkany we Zeýtun Şahajygy sebitlerine od açan PKK/ÝPG-e agza 4 terrorçy gahryman komandos güýçlerimiz tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirildi. Terrorçylary anyklanan ýerlerinde täsirsiz ýagdaýa getirmäge dowam ederis" diýip mälim edildi. 



Degişli Habarlar