Malaýziýanyň Şasy Türkiýä sapar gurar

Kommunikasiýalar edarasy sapar bilen bagly beýannama berdi

1867625
Malaýziýanyň Şasy Türkiýä sapar gurar

Malaýziýanyň Şasy Soltan Abdullah Ri'aýatuddin Al-Mustafa Billah Şah, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň çakylygyna laýyklykda 15-21-nji awgust aralygynda Türkiýä resmi sapar gurar. 

Prezidentiň Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä Malaýziýa bilen dostlukly, ikitaraplaýyn ynam we halklaryň bähbitleriniň esasynda ähli ugurlar boýunça özgerýän gatnaşyklaryň çägindäki ýokary derejeli saparlar dowam edýär. 

Şol çäkde Malaýziýanyň Premýer ministri Ismail Sabri Ýakub iýul aýynda Türkiýä sapar gurapdy we şol mynasybetli iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklar "Giňişleýin strategik hyzmatdaşlyk" derejesine göterilipdi. 

Malaýziýanyň Şasy Soltan Abdullah Ri'aýatuddin Al-Mustafa Billah Şahyň Şa zenany Tunku Azizah Aminah Maimunah Iskandariah bilen gurajak sapary takmynan 30 ýyl arakesmeden soň, Malaýziýadan Türkiýä döwlet baştutany derejesinde guraljak ilkinji sapar bolmak aýratynlygyna eýedir. 


Etiketkalar: #Türkiýe , #Şa , #sapar , #Malaýziýa

Degişli Habarlar