Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär

“Rezan Jawit” lakamly Ýusif Mehmud Rebanini täsirsiz ýagdaýa getirdi.

1866986
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär

Milli Howpsyzlyk gullugy, Siriýanyň Kamyşly sebitinde 6-njy awgustda guralan operasiýada, ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-niň Amude-Derbesiýe welaýatyndan jogapkär ýolbaşçysydygy aýdylýan eýranly “Rezan Jawit” lakamly Ýusif Mehmud Rebanini täsirsiz ýagdaýa getirdi.

Milli Howpsyzlyk gullugy, ekstremist terror guramasy PKK-nyň Haftanin welaýatyndan jogapkär ýolbaşçysy bolan döwründe Türk ýaragly güýçlerine garşy hüjüm guramak üçin görkezme beren terrorçy Rebaniniň Siriýada iş alyp barýandygyny anyklady.

Milli Howpsyzlyk gullugy tarapyndan guralan operasiýada, terrorçy Rebani bilen birlikde ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-niň Amude-Derbesiýe welaýatyndan jogapkär ýolbaşçylaryndan “Ruhaz Amude” lakamly Mazlum Esaty hem täsirsiz ýagdaýa getirdi.

 



Degişli Habarlar