Prezident Erdogan Iň Uly Uniwersitet Kitaphanasyny Açdy

“Medeniýet uniwersitetinde 1 million çiltli kytaby bolan we şol bir wagtda 3 million adama hyzmat edip biljek ýurdumyzyň iň uly uniwersitet kitaphanasyny açýarys”

1867296
Prezident Erdogan Iň Uly Uniwersitet Kitaphanasyny Açdy
erdogan medeniyet universitesi kutuphanesi1.jpg
erdogan istanbul medeniyet universitesi kutuphanesi.jpg

Prezident R. T. Erdogan, Stambul Medeniýet uniwersitetinde Türkiýäniň iň uly kitaphanasyny açdy.

Prezident Erdogan, Stambul medeniýet uniwersitetiniň kitaphanasynyň we Merkezi jaýynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Erdogan dabarada eden çykyşynda, Türkiýäniň iň uly kitaphanasynyň paýtagt Ankaranyň Beştepe etrapçasynda Prezidentiň Kompleksinde ýerleşýän Millet kitaphanasydygyny ýatlatdy.

Erdogan, Millet kitaphanasynda 5 million jiltli kitabyň bardygyny belledi.

Prezident Erdogan, “Medeniýet uniwersitetinde 1 million çiltli kytaby bolan we şol bir wagtda 3 million adama hyzmat edip biljek ýurdumyzyň iň uly uniwersitet kitaphanasyny açýarys” diýdi.

 

 

 



Degişli Habarlar