Prezident Erdogan, Aýazma Metjidiniň Açylyş Dabarasyna Gatnaşdy

Prezident Erdogan, 261 ýyllyk Aýazma metjidiniň abatlaýyş işlerine goşant goşan her bir adama sagbolsun aýtdy.

1867184
Prezident Erdogan, Aýazma Metjidiniň Açylyş Dabarasyna Gatnaşdy

Prezident R. T. Erdogan, Stambulda abatlaýyş işleri tamamlanan Aýazma metjidini açdy.

Prezident Erdogan, Juma namazyny abatlaýyş işlerinden soň ýaňadandan ybadata açylan Aýazma metjidinde okady.

Erdogan, Juma namazyndan soň metjidiň ýaňadandan ybadata açylmagy mynasibetli geçirlen dabarada çykyş etdi.

Prezident Erdogan, arhitekturasy, ýeri we kaşaňlygy bilen Stambulyň görküne görk goşýan 261 ýyllyk Aýazma metjidiniň abatlaýyş işlerine goşant goşan her bir adama sagbolsun aýtdy.

Erdogan, Aýazma metjidinde şu günki güne çenli bolşy ýaly mundan soň günde 5 wagt okaljak namazlaryň, ediljek doga-dilegleriň kabul bolmagyny diledi.

 

 



Degişli Habarlar