Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Siriýanyň demirgazygynda bolsa ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 6 terrorçy Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirildi

1866526
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Hakkari welaýatynyň Çukurja etrabynyň Kazan jülgesinde "Eren Gabaw-29 Içeri howpsuzlyk" atly operasiýasynyň çäginde 1-i narynç kategoriýada bolan jemi 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Türkiýäniň Içeri işler ministrliginden berilen beýanatda, Hakkariniň welaýat Žandarma serkerdeligi tarapyndan Çukurja etrabynyň Meşale etrapçasynyň Kazan jülgesi sebitinde 10-njy awgustda başladylan "Eren Gabaw-29" operasiýasynyň üstünlikli ýagdaýda dowam edýändigi habar berildi. 

Beýanatda operasiýada 1-i rarynç kategoriýada bolmak bilen jemi 3 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edildi. 

 

Siriýanyň demirgazygynda bolsa ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 6 terrorçy Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda: "Siriýanyň demirgazygyndan Mardin welaýatyndaky serhet zolagymyza od açan PKK/ÝPG-e agza 6 terrorçy Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan od açylmagy netijesinde täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip aýan edildi. 


Etiketkalar: #ÝPG , #PKK , #Siriýa , #Mardin , #Hakkari

Degişli Habarlar