Prezident Erdogan gidroelektrik desgalaryň köpçülikleýin açylyş dabarasyna gatnaşdy

Prezident Erdogan paýtagt Ankara şäherindäki Beştepe Millet kongres we medeniýet merkezinde Döwlet Suw işleri edarasy tarapyndan gurluşygy tamamlanan 34 gidroelektrik desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

1866745
Prezident Erdogan gidroelektrik desgalaryň köpçülikleýin açylyş dabarasyna gatnaşdy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Türkiýäniň gidroelektrik mümkinçiligini gysga wagtyň içinde 2,5 esse artdyrp, 44 milliard kilowatt/sagatdan 110 milliard kilowatt/sagada ýetirendiklerini habar berdi. 

Prezident Erdogan paýtagt Ankara şäherindäki Beştepe Millet kongres we medeniýet merkezinde Döwlet Suw işleri edarasy tarapyndan gurluşygy tamamlanan 34 gidroelektrik desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. 

Prezident Erdogan Türkiýäniň gidroelektrik önümçilik kuwwadyna ýyllyk 1,9 kilowatt/sagada golaý goşant goşjak iň beýik suw howdany bolan Ýusufeliniň hem gurluşygynyň tamamlanyp barýandygyny habar berdi. 

Erdogan: "Soňky 20 ýylda ýurdumyza şu gün açylyşyny amala aşyrjaklarymyz bilen bilelikde 605 gidroelektrik desgasyny ulanmaga berdik we jemi sanyny 730-a ýetirmekden örän bagtyýardyrys" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar