Çawuşogly: "Türkiýe brendini güýçlendirmäge dowam ederis" diýdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Türkiýe brendini güýçlendirmäge dowam etjekdiklerini habar berdi

1866548
Çawuşogly: "Türkiýe brendini güýçlendirmäge dowam ederis" diýdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, 13-nji Ilçiler konferensiýasynda çykyş etdi. 

Aragatnaşyk taýdan örän tankydy bir döwürdediklerini aýdan Mewlüt Çawuşogly, dezinformasiýanyň we maglumatlaryň hapalygynyň durmuşyň bir hakykatydygyny, olaryň esasy metbugat akymyny hem zamun alýandygyny we Türkiýäniň ýygy-ýygydan oňaýsyz göçümlere sezewar galýandygyny habar berdi. 

Terrora garşy göreşden 1915-nji ýyldaky waklara, Garabag söweşinden Russiýa-Ukraina söweşine çenli Türkiýäniň töhmetçilikli göçümleriň nyşanasyndadygyny aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Şol çäkde aragatnaşyk belki hem diplomatiýanyň iň möhüm ugry. Şol sebäpli Kommunikasiýalar edarasynyň alyp barýan strategiýasynyň çäginde, ministrligimiziň we beýleki töwereklerimiziň orta goýan aragatnaşyk işleri örän möhüm" diýip belledi. 

Mewlüt Çawuşogly Kommunikasiýalar edarasy bilen birlikde TRT we Anadoly habarlar agentligi bilen hem ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändiklerini belläp, esasan hem Antalýa Diplomatiýa forumynda nusgawy ýagdaýda iş salyşandyklaryny mälim etdi. 

Türkiýe brendini güýçlendirmek maksady bilen hem bilelikde iş salyşýandyklaryny aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Hormatly Prezidentimiziň öňbaşçylygynda ýurdumyzyň adyny daşary ýurt dillerinde Türkiýe hökmünde ulanylmagy bilen bagly başlangyjymyz möhüm bir ädim boldy. Bu babatda daşary ýurtlardaky ähli wekilhanalarymyzda giň-gerimli işler alyp barmaga dowam ederis" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar