Abdülhamid Han Gämisi Ýörükler-1 Guýusynyň Ýerleşýän Zolagyna Bardy
Ýörükler-1 guýusy Antalýanyň Gazipaşa etrabynyň 55 kilometr alysynda ýerleşýär.

Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez Türkiýäniň 4-nji burawlaýyş gämisi “Abdülhamid Hanyň” Ortaýer deňizindäki ilkinji burawlaýyş işleri üçin Ýörükler-1 guýusynyň ýerleşýän zolagyna barandygyny beýan etdi.
Ministr Dönmez Twitter hasabyndan beren habarnamasynda; “Abdülhamid Han, milletimiziň doğalary we umytlary bilen Ortaýer deňizindäki ilkinji burawlaýyş ýeri Ýörükler-1-de” diýip ýazdy.
Iň täze tehnologiýa eý ebolan gäminiň uzynlygy 238, giňiligi 42 metre barabar. İki diňi bilen işjeň lokalizasiýa ulgamyna eý ebolan, 200 ekipažly gäm, 12,200 metre çenli burawlama ukyby bilen ünsleri çekýär.
Ýörükler-1 guýusy Antalýanyň Gazipaşa etrabynyň 55 kilometr alysynda ýerleşýär.
Degişli Habarlar

Prezident Erdogana Gutlag Telefonlary Gelmäge Dowam Edýär.
Dünýä liderleri saýlawyň netijesiniň türk halky üçün düşümli bolmagyny diledi.