Yragyň demirgazygynda dowam edýän Penje-Gulp operasiýasynda 1 esger şehit boldy

Yragyň demirgazygynda dowam edýän Penje-Gulp operasiýasy sebitine terrorçylar tarapyndan od açylmagy netijesinde 1 esger şehit boldy

1866255
Yragyň demirgazygynda dowam edýän Penje-Gulp operasiýasynda 1 esger şehit boldy

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Penje-Gulp operasiýasy sebitinde 2022-nji ýylyň 10-njy awgustynda ekstremist terror guramasyna agza terrorçylar tarapyndan od açylmagy netijesinde 1 esgeriň şehit bolandygy mälim edildi. 

Beýleki tarapdan, Yragyň demirgazygyndaky Penje-Gulp operasiýasy sebitinde, 6-njy awgustda ýaralanan 1 esger, bejergi alýan hassahanasynda şehit boldy.

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Penje-Gulp operasiýasy sebitinde 6-njy awgustda ekstremist terror guramasyna agza terrorçylar tarapyndan ýerleşdirilen elde ýasalan partlaýjynyň ýarylmagy netijesinde ýaralanan we alynyp gidilen hassahanasynda bejergi astyna alynan 1 esgeriň, edilen ähli tagallalara garamazdan halas edilip bilinmän şehit bolandygy habar berildi. 



Degişli Habarlar