Türkiýe Gazaly Doganlarynyň Ýanynda…

Prezident R.T.Erdogan Türkiýäniň palestin halkynň we gazaly doganlarynyň ýanyndadygyny aýtdy.

1865163
Türkiýe Gazaly Doganlarynyň Ýanynda…

Erdogan paýtagt Ankarada 13-nji Ilçiler maslahatynda çykyş etdi.

Prezident Erdogan Türkiýäniň Ysraýylyň gazaly asuda ilata guran hüjümlerine berk garşylyk görkezendigini beýan edip; “Çagalary, entek gundakday bäbekleri öldürmegiň hiç hili bahanasy bolup bilmez. Türkiýe, palestin halkynyň we gazaly doganlarynyn ýhanynda” diýdi.

Çykyşynda Siriýa täze bir operasiýanyň guraljakdygyny duýduran Erdogan; “Günorta serhedimizde 30 kiometr içerde howpsuz zolak döretmekden el çekmeris. Siriýada terror guramasynyň ornaşan soňky ýerlerini saplap, howpsuzlyk zolagynyň halklaryny enşalla golaýda birleşdireris” diýdi.

Erdogan, soňky döwürde Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda başdan geçirilýän çaknyşyklar hakynda bolsa: “Ermenistanyň meseleleri ýerlikli seljerip, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň içgin çagyryşlaryna jogap bermegi netijesinde durnuklylygy ýola goýjakdygymyza ynanýaryn” diýdi.

Gündogar Ortaýer deňizindäki tebigy gaz gözleg işleri hakynda-da durup geçen Prezident Erdogan; “Ygtyýarly bolan zolaklarymyzada bizden bihabar iş alynyp barylmagyna ýol bermedik, bermeris” diýdi.



Degişli Habarlar