Gresiýa Egeý deňizinde bikanun immigrantlary Türkiýäniň suw giňişligine itdi

Türkiýäniň Harby-deňiz güýçleri serkerdeligine degişli uçarmansyz howa ulagy Egeý deňizinde Gresiýa tarapyndan bikanun immigrantlaryň Türkiýäniň suw giňişliginiň çäklerine itýändigini wideo ýazga aldy

1864721
Gresiýa Egeý deňizinde bikanun immigrantlary Türkiýäniň suw giňişligine itdi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda: "Türkiýäniň Harby-deňiz güýçleri serkerdeligine degişli uçarmansyz howa ulagy Egeý deňiziniň Karaburun diýilýän ýeriň günbatarynda Gresiýa degişli kenarýaka howpsuzlyk gullugynyň gaýygy tarapyndan içinde bikanun immigrantlar bolan gaýygyň öňüni kesip, Türkiýäniň suw giňşligine itendigini anyklady. Bikanun immigrantlar bilen baglanşykly maglumat, Türkiýäniň kenarýaka howpsuzlyk gullugy serkerdeligine berildi" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar