Ukrainadan Ugran “Nawi-Star” Gämisi Bosfor Bogazyna Geldi
Panamanyň baýdagyny göterýän “Nawi-Star” atly gämi Bosfor bogazynyň Garadeňiz girelgesine geldi.
1864555

Ukrainadan Irlandiýa 33 müň tonna mekge-jöwen alyp barýan Panamanyň baýdagyny göterýän “Nawi-Star” atly gämi Bosfor bogazynyň Garadeňiz girelgesine geldi.
Halkara galla krizisiniň çözülmegi maksady bilen 22-nji iýulda Türkiýäniň, Russiýanyň, Ukrainanyň we BMG-nyň arasynda gazanylan ylalaşygyň çäginde Ukrainanyň Odessa portundan ugran gämi Bosfor bogazyna geldi.
Gämi Türkiýäniň, Russiýanyň, Ukrainanyň we BMG-nyň wekilleri tarapyndan barlanandan soň ýoluna dowam eder.
Degişli Habarlar

Stambulda terrorçylykly hüjüm guramak islän terrorçy saklandy
Beýanatda Mehdi Myhçynyň 2014-nji ýylda terror guramasy PKK-nyň düzümine goşulandygy mälim edildi