Ýene-de 3 Terrorçy Boýun Egdi

Üstümizdäki ýylyň başyndan bäri geçirilýän gepleşikler netijesinde boýun egen terrorçylaryň sany 68-e ýetdi.

1864425
Ýene-de 3 Terrorçy Boýun Egdi

Ekstremist terror guramasy PKK-nyň hataryndan gaçan 3 terrorçy geçirlen gepleşikler netijesinde boýun egdi.

Içeri işler ministrliginden berlen beýannama görä, geçirilýän gepleşikler netijesinde ekstremist terror guramasy PKK-nyň hataryndan gaçan 3 terrorçy howpsyzlyk güýçlerine boýun egdi.

Boýun egen terrorçylaryň 2002-2021-nji ýyllaryň aralygynda terror guramasynyň hataryna goşulandyklary we Yrakda iş alyp barandyklary anyklandy.

Üstümizdäki ýylyň başyndan bäri geçirilýän gepleşikler netijesinde boýun egen terrorçylaryň sany 68-e ýetdi.



Degişli Habarlar