Prezident Erdogan Russiýa Gitdi

Erdogan bilen Putin Türkiýe-Russiýa gatnaşyklary bilen birlikde sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşar

1864237
Prezident Erdogan Russiýa Gitdi

Prezident R. T. Erdogan, Russiýa Federassiýasynyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň çakylygyna laýyklykda Russiýanyň Soçi şäherine gitdi.

Prezident Erdoganyň bir günlük saparynyň çäginde rus kärdeşi bilen Türkiýe-Russiýa gatnaşyklary bilen birlikde sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşjakdygy nygtaldy.

Beýleki tarapdan Kremliň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, Putin bilen Erdoganyň Soçide geçirjek duşuşygynyň öňüsyrasynda metbugata beýannama berdi.

Peskow, Türkiýäniň Siriýa meselesindäki howpsyzlyk aladasyna uly ähmiýet berýändiklerini belledi.

Dmitriý Peskow, Erdogan bilen Putiniň duşuşykdan soň metbugata beýanat bermeginiň meýilleşdirilmeýändigini aýtdy.



Degişli Habarlar