Türkiýäniň Daşary işler ministri Malaýziýada saparda bolýar

Mewlüt Çawuşogly Stambulda gol çekilen galla geçelgesi bilen bagly ylalaşyk resminamasy bilen baglanşykly: "Ol ilkinji gämidi. Onuň dowamly bolmagy örän möhüm" diýip nygtady

1863705
Türkiýäniň Daşary işler ministri Malaýziýada saparda bolýar

Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherine baran Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Malaýziýanyň Daşary işler ministri Seýfeddin Abdullah bilen geçiren duşuşygyndan soň parlament binasynda geçirilen umumy metbugat ýygnagynda çykyş etdi. 

Mewlüt Çawuşogly Stambulda gol çekilen galla geçelgesi bilen baglanşykly ylalaşyk resminamasy barada jikme-jik maglumat berdi. 

Stambulda Bilelikdäki Utgaşdyryş merkeziniň döredilmeginden soň ilkinji gäminiň Ukrainanyň Odessa portyndan ýola çykandygyny we Stambulyň çäklerindäki suw giňişliginde umumy gözegçilik işlerinden soň Liwana tarap ýol alandygyny aýdan Çawuşogly: "Ol ilkinji gämidi. Onuň dowamly bolmagy örän möhüm. Şol ylalaşygyň möhledi 4 aý. Şol sebäpli möhlediň uzadylmagy hiç hili garşylyk bolmasa ýene-de 3-4 aý awtomatiki ýagdaýda uzar. Onuň ýerine bolsa Russiýa öz gallasyny we dökün bilen birlikde öz önümlerini eksport edip biler. Ol hem ylalaşygyň bir bölegi hökmünde ýerine ýetirildi" diýip habar berdi. 

Mewlüt Çawuşogly onuň bolsa ýurtlaryň ikisiniň hem söwda işlerini ýeňilleşdirendigini belläp, Ukrainadaky söweşiň dowam edýändigini, şol sebäpli her kimiň jogapkär ýagdaýda çemeleşmelidigini we beren wadalaryny ýerine ýetirmeginiň gerekdigini habar berdi. 

Türkiýäniň Russiýa-Ukraina söweşiniň başyndan bäri hemişelik parahatçylyk üçin giň gerimli tagalla edýändigini aýdan Çawuşogly, galla ylalaşygynyň köptaraplaýyn ylalaşygyň we parahatçylyk meýilnamasynyň özenini emele getirip biljekdigini aýan etdi. 

Beýleki tarapdan bolsa Mewlüt Çawuşogly Malaýziýanyň Premýer ministri Ismail Sabri Ýakup bilen duşuşyk geçirdi. 

Ministr Çawuşogly sosial media hasabyndan beren beýannamasynda: "Strategik hyzmatdaşymyz Malaýziýanyň Premýer ministri Ismail Sabri Ýakup bilen duşuşyk geçirdim. Geçen birnäçe aý ozal ýurdumyza guran saparynda kabul edilen kararlaryň durmuşa geçirilişini gözden geçirdik" diýip mälim etdi. 

Mewlüt Çawuşogly Malaýziýanyň Uly Goranmak ministri Hişamuddin Hüseýin bilen duşuşdy. 

Ministr Çawuşogly sosial media hasabyndan beren beýantynda: "Malaýziýanyň Uly Goranmak ministri Hişamuddin Hüseýin bilen duşuşyk geçirdik. Goranyş senagaty boýunça hyzmatdaşlygymyzy ösdürmek maksady bilen öňümizdäki döwürde etjek ädimlerimizi maslahatlaşdyk" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar