Erdogan Russiýa Sapar Eder

Prezident R.T.Erdogan ertir bir günlük iş sapary bilen Russiýanyň Soçi şäherine gider.

1863843
Erdogan Russiýa Sapar Eder

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýannamada saparyň Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygyna laýyklykda guraljakdygy mälim edildi.

Beýannamada; “Hormatly Prezidentimiziň rus kärdeşi bilen geçirjek duşuşygynda Türkiýe-Russiýa özara gatnaşyklarynyň ýany bilen aktual global we sebitleýin meseleler hakynda pikir alyşylar” diýilýär.



Degişli Habarlar