Bozdag Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň terrorçylar bilen bagly talabyna entek jogap bermändigini aýtdy

Adalat ministri Bekir Bozdag Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň Türkiýäniň şol ýurtlardan talap eden terrorçylar babatynda entek jogap gelmändigini habar berdi

1863487
Bozdag Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň terrorçylar bilen bagly talabyna entek jogap bermändigini aýtdy

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly metbugat işgärlerine beýannama beren  Adalat ministri Bekir Bozdag, Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň NATO agzalyklarynyň kabul edilmegi üçin Türkiýä beren wadalaryny entek ýerine ýetirmändiklerini we 33 terrorçyny yzyna gaýtaryp bermek bilen baglanşykly meselede entek özgerişlik bolmandygyny mälim etdi. 

Bekir Bozdag: "Jemi 33 terrorçy bilen baglanşykly Türkiýäniň ozal bildiren talaplary bardy. Biz şol talaplaryň bir bölegini täzeledik, täze bolanlary hem özlerine ýetirdik, emma häzirki wagta çenli bize resmi kanallaryň üsti bilen gelen hiç hili jogap ýok. Şol sebäpli Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň hökümetlerine şol tapgyrda gözegçilik ederis. Sözlerinde dursalar gowy. Şwesiýa we Finlýandiýa, Germaniýa, Fransiýa ählisi hem PKK-nyň hem-de FETÖ-nüň öýjügi. Bir tarapdan her dürli aksiýalaryna polisiýa işgärleriniň gözegçiligi astynda howpsuz ýagdaýda geçirmeklerine rugsat berýärler. Beýleki tarapdan terrorçylaryň toplanmagyna, tälimlerine gözlerini ýumýarlar. Ýene bir tarapdan bolsa ençeme ýarag bilen üpjün edýärler. NATO agzalygy üçin Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň hökümedi beren wadalarynda dursalar, Türkiýe tapgyryň tamamlanmagy üçin sözünde durar, gerek bolan ädimi eder, emma ýerine ýetirmän halatlarynda Türkiýe bu babatda ýene-de sözünde durar, gerek bolan ädimleri etmez" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar