Ukrainadan ýola çykyp Bosfor bogazyna gelen gämidäki gözegçilik işleri tamamlandy

Ukrainanyň Odessa portyndan birnäçe gün ozal ýola çykyp Bosfor bogazyna gelen we düzüminde mekgejöwen bolan Razoni atly gäminiň gözegçilik işleri tamamlandy

1863217
Ukrainadan ýola çykyp Bosfor bogazyna gelen gämidäki gözegçilik işleri tamamlandy
razoni istanbul denetleme.jpg

Global galla krizisiniň çözüwine kömek bermek maksady bilen 22-nji iýulda Türkiýäniň, Russiýa Federasiýasynyň, Ukrainanyň we BMG-nyň arasynda gol çekilen "Galla we azyk maddalarynyň Ukrainanyň portlaryndan howpsuz eksporty" atly ylalaşyk resminamasynyň çäginde Odessa portyndan ýola çykan mekgejöwen ýüklenen "Razoni" atly ýük gämisi, Gara deňizde Bosfor bogazynyň girelgesine düýn agşam gelip ýetdi. 

Türkiýeden, Russiýa Federasiýasyndan, Ukrainadan we BMG-dan ybarat topar, Razoni atly gämide gözegçilik işlerini geçirdiler. 

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň sosial media hasabyndan berilen beýanatda: "Bilelikdäki gözegçilik topary, Razoni atly gämidäki gözegçilik işlerini tamamlady. Düzüminde 27 müň tonna mekgejöwen bolan gämi gysga wagt soň Liwana gitmek maksady bilen Bosfor bogazyndan geçer" diýip habar berildi. 

Beýanatda Bilelikdäki gözegçilik toparynyň gämidäki gözegçilik işleri bilen bagly surat hem paýlaşyldy. 

Takmynan 1,5 sagat dowam eden gözegçilik işlerinden soň topar, gämiden gaýtdy. 



Degişli Habarlar