“Türkiýe, Alžiriň Esasy Hyzmatdaşlaryndan Biri”

Abdulmejid Tebbun, ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beýannama berdi.

1861868
“Türkiýe, Alžiriň Esasy Hyzmatdaşlaryndan Biri”

Alžiriň Prezidenti Abdulmejid Tebbun, Türkiýäniň ýurdunyň esasy hyzmatdaşlaryndan biridigini nygtady.

Abdulmejid Tebbun, ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beýannama berdi.

Prezident Tebbun, beýannamasynda ýurdy bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklar hakynda hem durup geçdi.

Türkiýäniň Alžirde maýa goýan esasy ýurtlardan biridigini nygtan Tebbun “Türkiýäniň Wahran şäherinde polat önümçiligine goýan maýasy netijesinde ýurtdaky polat önümçiligi iki esse artdy. Dokma senagaty pudagyndaky maýa goýumlary hem ýurduň galkynyşyna uly goşan goşýar. Türkiýeden başga maýa goýumlar gelmäge dowam eder” diýdi.

Alžiriň Prezidenti Abdulmejid Tebbun “Alžir bilen Türkiýäniň arasyndaky özara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy iki ýurt taýdan hem bähbitli bolar”diýip belledi.

 



Degişli Habarlar