Milli Goranmak Ministri Akar, Latwiýa Guraýan Saparyny Dowam Etdirýär

Akar, Latwiýanyň Wise-premýeri we Goranmak ministri Pabriks bilen şehitlige gül desselerini goýdy.

1860982
Milli Goranmak Ministri Akar, Latwiýa Guraýan Saparyny Dowam Etdirýär

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Latwiýa guraýan resmi saparyny dowam etdirýär.

Ministr Akaryň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet paýtagt Rigada geçirlen gepleşiklerinden soň Latwiýanyň Wise-premýeri we Goranmak ministri Pabriks bilen Türk şehitlerine baryp görmek üçin gara ýoly bilen Riýadan 100 kilometr alysda ýerleşýän Sesis şäherine gitdi.

Türk şehitliginde Türkiýäniň Rigadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gülsun Erkuldan maglumat alan Akar, Latwiýanyň Wise-premýeri we Goranmak ministri Pabriks bilen şehitlige gül desselerini goýdy.

1877-1878-nji ýyllarda Osman-Rus söweşi ýyllarynda ýaralanan we ruslar tarapyndan ýesir alynandan soň Sesisde şehit bolan 26 esgeriň hormatyna 3 müň 800 inedördül metrlik meýdanda Türk şehitligi gurulýar.

Şehitlikde 26 şehide wekilçilik edýän aý-ýyldyz bilen bezelen mazar daşlary bar.



Degişli Habarlar