Prezident Erdogan Ibn Haldun uniwersitediniň uçurym dabarasyna gatnaşdy

Erdogan: "Ýetişdirjek hünärli adam güýji bilen adamzadyň şu günki meselelerini çözmek we gelejegini gurmak bilen birlikde siwilizasiýanyň ösüşini amala aşyrarys" diýdi

1858829
Prezident Erdogan Ibn Haldun uniwersitediniň uçurym dabarasyna gatnaşdy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Stambulda Ibn Haldun uniwersitediniň uçurym dabarasyna gatnaşdy. 

Prezident Erdogan ol ýerde eden çykyşynda: "Ýetişdirjek hünärli adam güýji bilen adamzadyň şu günki meselelerini çözmek we gelejegini gurmak bilen birlikde siwilizasiýanyň ösüşini amala aşyrarys" diýip belledi. 

Çykyşynda 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşiniň hem üstünde durup geçen Prezident Erdogan: "Demirgazygymyzdaky söweşde diýalog ýollaryny açyk tutan, gazanylan soňky galla ylalaşygyndaky ýaly mümkin bolan ugurlar bilen hyzmatdaşlygy üpjün edýän tankydy ýurt ýagdaýyndadyrys" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar