MHG-niň Maslahaty Prezident Erdoganyň Ýolbaşçylyk Etmeginde Geçirildi

Gresiýanyň, Türkiýäniň howa we suw giňişligini basgylamaga dowam etmeginiň kabul edilmesizdigi nygtaldy.

1857966
MHG-niň Maslahaty Prezident Erdoganyň Ýolbaşçylyk Etmeginde Geçirildi

 

Milli Howpsyzlyk geňeşiniň maslahaty Prezident R. T. Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde Prezidentiň kompleksinde geçirildi.

Maslahatyň jemleýji jarnamasynda, Gresiýanyň, Türkiýäniň howa we suw giňişligini basgylamaga dowam etmeginiň kabul edilmesizdigi nygtaldy.

Jarnamada, halkara hukugyna, ýagşy niýetli goňşuçylykly gatnaşyklara äsgermezçilik etmäge dowam edýän Gresiýanyň, Türkiýäniň howa we suw giňişligini basgylamaga we meçew beriji tutumyny dowam etmeginiň kabul edilmesizidigi bellenildi.

Jarnamada, Gresiýanyň hökümetine migrantlaryň janyna wehim salýan tutumyndan we adam hukuklaryna bap gelmeýän hereketlerinden ýüz öwürmegi üçin ýene-de bir gezek çagyryş berildi.

Jarnamada şeýle hem Türkiýäniň, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň özygtyýarlygyna we deň hukukly iki döwlete esaslaan çözgüde güýçli goldaw bermäge dowam etjekdigi nygtaldy.

 



Degişli Habarlar