Prezident Erdogan 15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebislik güni bilen bagly ýüzlenme berdi

Prezident Erdoganyň 15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebislik güni bilen bagly ýüzlenmesi şu gün türk we iňlis dillerinde käbir gazetlerde çap edildi

1855395
Prezident Erdogan 15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebislik güni bilen bagly ýüzlenme berdi

Prezident Erdogan FETÖ-niň 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky agdarlyşyk synanyşygynda orta goýulan şöhratly garşylyk bilen huntaçylaryň eden-etdiliklerine ýol berilmändigini, şanly bir ýeňişe ýetilendigini belläp: "15-nji iýyl ruhuny ýaşadarys, Türkiýäniň abadançylygy üçin arman-ýadaman işlemäge dowam ederis" diýip habar berdi. 

Prezident Erdoganyň 15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebislik güni bilen bagly ýüzlenmesi şu gün türk we iňlis dillerinde käbir gazetlerde çap edildi. 

Türkiýe ugrunda uran ýürekleriň, 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda terror guramasy FETÖ-niň agdarlyşyk görnüşli basyp alyjylyk synanyşygyna garşy epiki göreş bilen taryh ýazandygyny aýdan Prezident Erdogan: "Döwlet we millet hökmünde arman, ýadaman egin-egine orta goýulan şanly garşylyk bilen basyp alyjylara ýol bermedik, ýene-de bir şöhratly ýeňişe ýetdik. Şol gije çuňňur düşünje we beýik gahrymançylyk bilen watanyna, baýdagyna, garaşsyzlygyna we ygtyýaryna eýe çykan milletimiziň her bir agzasyna minnetdarlyk bildirýärin. Şehit bolan ähli raýatlarymyzy rehnet bilen hatyralaýaryn, şikes ýeten raýatlarymyza jan-saglyk we abadançylyk dileýärin. 15-nji iýyl ruhuny ýaşadarys, Türkiýäniň abadançylygy üçin arman-ýadaman işlemäge dowam ederis" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar