Akar: "Galla geçelgesi bilen bagly gepleşikler ertir Stambulda başlar" diýdi

Akar beren beýanatynda Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň azyk krizisiniň çözüwi bilen bagly alyp barýan diplomatik tagallalarynyň we görkezmeleriniň çäginde dowam etdiren gepleşikleriň oňyn ýagdaýda özgerendigini beýan etdi

1854737
Akar: "Galla geçelgesi bilen bagly gepleşikler ertir Stambulda başlar" diýdi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Ukrainanyň portlarynda garaşdyrylýan gallanyň deňiz ýoly arkaly howpsuz ýagdaýda eksport edilmegi bilen baglanşykly harby wekiliýetleriň arasyndaky gepleşikleriň ertir Stambulda geçirilmäge başlanjakdygyny mälim etdi. 

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar beren beýanatynda Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň azyk krizisiniň çözüwi bilen bagly alyp barýan diplomatik tagallalarynyň we görkezmeleriniň çäginde dowam etdiren gepleşikleriň oňyn ýagdaýda özgerendigini beýan etdi. 

Şol işleriň çäginde özüniň hem Russiýanyň Goranmak ministri sergeý Şoýgu we Ukrainanyň Goranmak ministri Oleksii Reznikow bilen gepleşikler geçirendigini ýatladan Hulusi Akar, ondan soň gyzyl liniýa diýip atlandyrylan Türkiýe bilen Ukrainanyň we Russiýanyň arasynda gönüden aragatnaşyk ýollarynyň durmuşa geçirilendigini ýatlatdy. 

Azyk krizisi bilen bagly Milli Goranmak ministrliginiň wekiliýetiniň Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherine gidip, rus harby wekiliýet bilen gepleşikler geçirendigini, ondan soň bolsa Ukrainanyň harby wekiliýetiniň Türkiýäniň Goranmak ministrligine gelendigini ýatladan Akar: "Ähli şol gepleşiklerden soň, ertir Stambulda Ukrainanyň portlarynda garaşdyrylýan gallanyň halkara bazarlara deňiz ýoly arkaly howpsuz eksporty bilen bagly Türkiýäniň, Russiýa Federasiýasynyň we Ukrainanyň Goranmak ministrligine degişli harby wekiliýetleriň we BMG-nyň wekiliýetiniň arasynda gepleşikler geçiriler" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar