Türkiýe Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň NATO Agzalygy Çagyrylmagyna Razylyk Berdi

Kommunikasiýalar edarasynyň Başlygy Fahrettin Altun Türkiýäniň Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň NATO agzalygyna däl, eýsem agzalyga çagyrylmagyna razylyk berendigini aýtdy.

1853401
Türkiýe Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň NATO Agzalygy Çagyrylmagyna Razylyk Berdi

Altun Şwesiýanyň “Expressen” gazetiniň NATO-nyň Madritdäki sammitinde Türkiýäniň, Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň arasynda gol çekişilen ylalaşyk hakyndaky soraglaryna jogap berdi.

Ylalaşygyň NATO agzalyk hökmünde häsýetlendirilmeli däldigini aýdan Altun, ylalaşykda çakylygyň bardygyny, Türkiýäniň hem şol çakylygyň berilmegine razylyk berendigini aýtdy.

Şwesiýanyň hökümetiniň terrorizme garşy göreş boýunça degişli başlangyçlary etjekdigini ýazmaça kepillendirendigine ünsi çeken Altun; “Biz başyndan bäri Şwesiýanyň agzalygy boýunça seljeriş işlerini ýekelikde alyp barjakdygymyzy beýan edipdik. Şwesiýa özygtyýarly döwlet hökmünde käbir kepillikleri berdi. Türkiýe hem özygtyýarly döwlet hökmünde şol kepilliklere görä başlangyç etdi. Ýagny Şwesiýa Türkiýäniň talaplaryny kanagatlandyrmak üçin söz berdi” diýdi.

Türkiýäniň Şwesiýa terrorçy hökmünde kabul edilen we sanawy berilen adamlaryň, ylalaşykda Şwesiýa tarapyndan terror guramasy hökmünde ykrar edilýän PKK, ÝPG ýa-da FETÖ bilen arabaglanşyklydygyny, olaryň Türkiýä bolşy ýaly şwed halkyna we Şwesiýanyň bähbidine hem howp salýandygyny nygtady.

 



Degişli Habarlar