Mewlüt Çawuşogly Meksikaly Kärdeşi Bilen Duşuşdy

Mewlüt Çawuşogly Meksikanyň Daşary işler ministri Marselo Ebrard bilen duşuşdy.

1853295
Mewlüt Çawuşogly Meksikaly Kärdeşi Bilen Duşuşdy

G-20-ä agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak üçin Indoneziýa giden Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly maslahatyň çäginde Meksikanyň Daşary işler ministri Marselo Ebrard bilen duşuşdy.

Mewlüt Çawuşogly duşuşyk hakynda sosial mediadan beren habarnamasynda “G-20-ä agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň maslahatynyň çäginde meksikaly kärdeşim bilen Ukraina meselesi bilen birlikde sebitara meseleler hakynda pikir alyşdyk” diýdi.

 



Degişli Habarlar