​​​​​​​Türkiýäniň Baş ştabynyň başlygy BAE-li kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi

Türkiýäniň Baş Ştabynyň başlygy Ýaşar Güler, BAE-niň Baş Ştabynyň başlygy Hamad Muhammed Thani Al Rumaitihi bilen duşuşyk geçirdi

1852294
​​​​​​​Türkiýäniň Baş ştabynyň başlygy BAE-li kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi

Baş Ştabyň başlygy Ýaşar Güleriň çakylygyna laýyklykda paýtagt Ankara gelen BAE-niň Baş Ştabynyň başlygy Hamad Muhammed Thani Al Rumaitihi we ýanyndaky wekiliýet üçin Baş Ştabda harby dabara geçirildi. 

Dabaradan soň Ýaşar Güler we Hamad Muhammed Thani Al Rumaitihi, Baş Ştabyň binasynda duşuşyk geçirdiler. 

Duşuşykda harby ugurdaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ele alynjakdygy mälim edildi. 

 



Degişli Habarlar