Italiýanyň Premýer ministri Türkiýä geldi
Italiýanyň Premýer ministri Mario Dragi Türkiýede saparda bolýar
Prezident Rejep Taýýip Erdogan, paýtagt Ankara şäherindäki Prezidentiň Kompleksinde Italiýanyň Premýer ministri Mario Dragini resmi dabara bilen garşylady.
Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä, Italiýanyň Premýer ministri Mario Dragi Türkiýä guran saparynyň çäginde Prezident Erdogan bilen Türkiýe-Italiýa Üçünji hökümetara sammitiniň maslahatyna ýolbaşçylyk eder.
Maslahatda Türkiýe-Italiýa gatnaşyklary ählitaraplaýyn gözden geçiriler, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň özgerdilmegi üçin edilip bilinjek ädimler ara alynyp maslahatlaşylar.
Italiýanyň Premýer ministri Mario Draginiň saparynyň çäginde Italiýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen birlikde Türkiýe-Ýewropa Bileleşigi gatnaşyklary bilen sebitleýin we global meseleler barada pikir alyşar.
Degişli Habarlar
Daşary Işler Ministri Fidan Gollandiýada Saparda Bolar
Ministr Fidan, saparynyň çäginde gollandiýaly kärdeşi Clot Hanke Brýuinz bilen duşuşar.
Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Iki hepde-de ekstremist terror guramasy PKK-a agza 75 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.